Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy

14:1724.07.2024
0
6784
Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Surat: belta.by

Ruandeniň «Ruandeniň watançy fronty» dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär bolan häzirki Prezidenti Pol Kagame ýurtda geçen döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda sesleriň 99,18 göterimini gazanyp, ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň çap eden gutarnykly netijelerine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Ruandede Prezident saýlawlary 15-nji iýulda geçdi.

Prezident saýlawlary bilen bir wagtda geçen Parlament saýlawlarynda Kagameniň dolandyryjy partiýasy ýeňdi. «Ruandeniň watançy fronty» partiýasynyň gatnaşýan koalisiýasy sesleriň 68,83 göterimi bilen parlament köplügini gazandy.

Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, Ruandeniň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar, şunda onuň iki gezek saýlanmaga hukugy bar. 2000-nji ýyldan bäri ýurdy Pol Kagame baştutanlyk edýär. 2015-nji ýylda Prezident möhletleri ýatyrylyp, 66 ýaşly Kagame üçünji gezek wezipesinde galdy we ýene iki gezek saýlanmak hukugyna eýe boldy diýip, «Belta.by» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň