Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yssy howa türk şäherinde asfalty eretdi

22:0621.07.2024
1
13006

Türkiýe çakdanaşa yssydan ejir çekýär. Ýurduň Bodrum şäherinde howanyň derejesi 40 gradusdan geçýär, netijede, ýollarda asfalt eräp başlady. Bu barada «TGRT Haber» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Bodrumyň käbir etraplarynda kölegede yssynyň derejesi 44 gradusdan geçýär. Jokrama yssy sebäpli, etrabyň Kumkeý, Pynarlybelen we Etrim obalarynda ýollarda asfaltyň ereýändigi hasaba alyndy» diýlip, habarda aýdylýar.

Erän asfalt ýollarda gatnaýan obalylardyr sürüjiler üçin kynçylyklar döredi diýip, ady tutulan türk teleýaýlymy habar berdi.

Türkiýede häzirki wagtda «afrika» yssysynyň täze tolkuny dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň