Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:1517.07.2024
0
11851

Kazanda Magtymguly Pyragynyň ýubileýi bellendi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Gazagystanyň täze ilçisinden ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi, 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça türkmen ýygyndysynyň düzümi kesgitlenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Tatarystanyň paýtagtynda geçirilen «Tagamly Kazan» gastronomiki festiwalynyň çäklernde Magtymguly Pyargynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi. Şahyryň ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy tarapyndan guralan çäre festiwalyň şowhuny bilen sazlaşykly utgaşdy. Türkmen milli tagamlaryny – palaw we otda ýarma bişirmek boýunça ussatlyk sapagy bu çäräniň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Festiwalyň myhmanlary aşpezleriň işine gyzyklanma bilen tomaşa etdiler we türkmen naharlaryny taýýarlamagyň tehnologiýasy barada sorag berdiler. Türkmen aşhanasyny synap görmek isleýänleriň uzyn hatary emele geldi.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Aşgabatdaky täze ilçisi Nurlan Nogaýewden ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň özara hormat gorbamk, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýändigini bellediler.

3. Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň on sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine wise-premýer Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Žamşid Hojaýew ýolbaşçylyk etdi. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4. Türkmenistanyň energetika syýasaty nebitgaz senagatyny ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek we täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz pudagyna degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany Hazar deňzi sebitinde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek hem-de uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli dowam etdirmek babatda tabşyryklary berdi.

5. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Italiýa simfoniýasy» atly konsert geçirildi. Konsert maksatnamasy nemes kompozitory Feliks Mendelsonyň «4-nji italýan simfoniýasy» atly eseri bilen açyldy. Soňra Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Italýan kapriççiosy» atly eseri ýaňlandy. Konsert italýan kompozitory Joakkino Rossininiň «Ogry alahekek» we «Wilgelm Tell» operalary üçin döreden iki uwertýura eseri bilen tamamlandy.

Dünýäde

6. Respublikan partiýasyndan ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp ýakynda janyna kast etmek synanyşygyndan soň ilkinji gezek köpçüligiň öňüne çykdy. Ol Miluokide geçirilen Respublikan partiýanyň wekilleriniň ýygnagynda gulagy daňyly çykyş etdi.

7. Astana şäheriniň ýolbaşçylary ekologik başlangyjyň çäklerinde 2025-nji ýyla çenli Gazagystanyň paýtagtyndaky supermarketlerde we beýleki söwda nokatlarynda polietilen torbalardan doly ýüz öwürmegiň meýilleşdirilýändigini mälim etdiler. Täze düzgünlere görä, adaty polietilen torbalar ekologiýa taýdan arassa alternatiwalar – biodargap bilýän torbalar we köp gezeklik eko-torbalar bilen çalşyrylar. Bu karar plastigiň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir.

8. «HBO Max» striming hyzmaty «Tagt oýunlarynyň» prikweli bolan «Aždarhanyň öýi» serialynyň altynjy bölüminiň treýlerini paýlaşdy. Onda Reýniranyň «Ýaşyllara» garşy çapyksuwarsyz aždarhalary ulanmak hakynda karar berýändigi görkezilýär. Olaryň arasynda Targariýenler nesilşalygynyň iň uly aždarhalarynyň biri bolan Wermitor bolar. 6-njy bölüm 21-nji iýulda görkeziler.

Sport habarlary

9. Parižde geçiriljek Bütindünýä Olimpiadasynyň başlamagyna sanlyja günler galdy. Bu gün sizi dzýudo boýunça Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň iki wekili – 20 ýaşly Serdar Rahymow we 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa bilen tanyşdyrarys. Iki türgen hem Lebap welaýatda doglan. Serdar Hojambaz etrabynyň, Maýsa bolsa Köýtendag etrabynyň dzýudo mekdebine wekilçilik edýär. Türkmen olimpiýaçylarynyň iri halkara ýaryşlarynda gazanan köp sanly medallary bar. Serdar şu ýylyň maý aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda altyn medal gazanan ilkinji türkmen türgeni boldy. Maýsa Pardaýewa Warşawada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medala mynasyp boldy.

10. Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol kluby Rumyniýanyň Braşow şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda ilkinji halkara ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. Türkmen topary Rumyniýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş edýän «Metaglobus» kluby bilen duşuşdy. Oýun 1:0 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 22-nji minutda Myrat Annaýew tarapyndan penaltiden uruldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň