Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

15:3716.07.2024
0
14321

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Munuň özi merkezde geçirilýän barlaghana-synag işleriniň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hem Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan şeýle güwänama berilipdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2016-njy ýylyň iýulynda açylyp ulanmaga berlen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ilata hyzmatlary hödürleýän döwrebap merkezleriň biridir. Onda geçirilýän barlaghana-gözegçilik işleriniň kämilleşdirilmegi hem-de halkara standartlara laýyklykda amala aşyrylmagy ýurtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu ýerdäki işlere ISO 9001 standartynyň ornaşdyrylmagy merkeziň hünärmenleriniň öz işlerini ýokary derejede ýola goýýandygyny, zerur hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini tassyklaýar.

ISO 9001 — bu dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, dürli görnüşli edaralara, guramalara işini kämilleşdirmäge, müşderileriň talaplaryny ödemäge hem-de özüniň hile ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Onuň talaplary hil menejment ulgamyny döretmegiň, işe ornaşdyrmagyň, saklamagyň we yzygiderli ösdürmegiň tertibini kesgitleýär.

Halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygyň çäklerindäki işleriň netijesinde 2019-njy ýylyň sentýabrynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan dümew boýunça Milli merkez derejesi berildi hem-de ol bu derejäni 2024-nji ýylda-da saklamagyny dowam edýär.

Merkeziň bu bölüminde gyzamyk we gyzylja ýokanç kesellerini anyklamak boýunça BSGG tarapyndan iberilen gözegçilik nusgalyklarynyň barlaglary geçirilip, olaryň netijesi barlaghananyň hünärmenleriniň iş başarnygyna bildirilýän talaplaryň ýokary derejede saklanýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň