Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirildi

14:4916.07.2024
0
7091
Arkadag şäherinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirildi
turkmenmetbugat.gov.tm

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bäsleşigiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyryna bu ýerde ýaşaýan, bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Olaryň köpüsi talyplar, şol sanda şäheriň sungat ugurly bilim ojaklarynda okaýan ýaşlardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, dabaranyň başynda bäsleşige gatnaşyjylar «Ýaňlan, Diýarym!» atly meşhur aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde ýurduň dürli sebitlerinden gelen belli sungat ussatlary eminlik etdiler.

Dabara bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Arkadagyň yhlasy — kalbymyzyň owazy» atly aýdym bilen jemlendi.

Eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şöhle Muhammedowa hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hünärmeni Döwletgeldi Atajanow bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olar, degişlilikde, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Boýlaryňa» hem-de «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Akmaýa gerek» atly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň