Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 187 kärhana hereket edýär

12:2716.07.2024
0
6096
Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 187 kärhana hereket edýär
uzdaily.uz

15-nji iýulda Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Dilşod Rasulow, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürler geňeşi 2018-nji ýylyň aprelinde Daşkentde döredilip, Özbegistanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasynda söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika babatdaky, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşykda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag, dokma senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlaryndaky, şeýle hem oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň işewür wekilleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2017-nji ýyldakydan bäş esse ýokary. Olardan Özbegistanyň eksporty 170 million dollardan, importy bolsa 923 million dollardan gowrak. Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 187 kärhana hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň