Turkmenportal logo
16.07.24
98369836
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýyň mirasdüşer şazadasy BAE-niň wise-premýeri we goranmak ministri wezipelerine bellendi
Arabian Business

Dubaýyň emiriniň ogly, 41 ýaşly Hamdan bin Muhammed bin Raşid Al-Maktum Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri hem-de goranmak ministri wezipelerine bellendi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.


Bu barada BAE-niň premýer-ministri we wise-prezidenti, Dubaýyň emiri Muhammed bin Raşid Al-Maktum habar berdi.


Dubaýyň emiri şeýle-de BAE-niň daşary işler ministri Abdalla bin Zaid Al-Nahaýýany ikinji wise-premýer wezipesine çenli ulaltdy.