Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Ýüpekçi" kompaniýasy Daşkentdäki sergide täze önümi bilen çykyş edýär

16:5915.07.2024
0
14925

15-16 iýulda Daşkentde geçirilýän "Türkmenistanda öndürilen" atly sergide "Ýüpekçi" kompaniýasy özüniň täze önümi - Softea markaly sowuk çaýyny tanyşdyrýar.

Softea-nyň täze toplumy iki görnüşli sowuk çaýy öz içine alýar: şetdaly tagamly gara çaý we limon tagamly gara çaý.

"Bu gün biz diňe bir Softea täze önümini tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem kompaniýamyzyň eýýäm halka ýaran içgilerini hem hödürleýäris. Islendik tagamly we dürli ýagdaýlar üçin ýokary hilli içgileriň giň toplumyny hödürläp bilýändigimiz bilen buýsanýarys" – diýip "Ýüpekçi" kompaniýasynyň wekili belledi.

"Ýüpekçi" kompaniýasynyň diwaryna sergä gelýänler Pökgi we Hoşal miweli suwlary, Bulwar mineral suwy, Real cola gazly içgisi, Bold-yň ähli görnüşleri, şol sanda 500 ml göwrümli alýumin bankalarda Bold Mango kokos, şeýle hem Buzz we 7Gen gazly içgileri ýaly içgileriň giň toplumyny synlap bilerler.

"Türkmenistanda öndürilen" sergisi "Ýüpekçi" kompaniýasy üçin Özbegistan bazarynda öz ornuny pugtalandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 71) 51 71 51, (+993 566) 5 03 65.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň