Top.Mail.Ru

Azmun täze möwsümiň taýýarlyklaryna Lewerkuzeniň «Baýerinde» başlady

14:0115.07.2024
0
15434

Eýranly türkmen, Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» toparynda täze möwsümiň türgenleşiklerine girişdi. Ol täze möwsüm üçin ilkinji türgenleşiklerini jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly paýlaşdy.

Azmunda ýakynda Eýrandan dolandy. Ol bu ýerde dynç alşynyň bir bölümini geçirdi. Geçen möwsümi Italiýanyň «Roma» toparynda kärendede geçiren hüjümçi 29 duşuşykda üç gol geçirip, dört goluň pasyny berdi.

Häzirki wagtda «Sewilýanyň» Azmun bilen gyzyklanýandygy barada habarlar bar.

Azmunyň häzirki topary Bundesliganyň geçen möwsüminde taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başarypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň