Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy

09:5515.07.2024
0
14856
Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy
Surat: mir24.tv

Hindistanda milliarderleriň çagalary – 29 ýaşly Anand Ambani hem-de 29 ýaşly Radika Merçant «asyryň toýuny» toýladylar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Jübütleriň nikalaşmagyna bagyşlanan dabaralar ýedi aýlap dowam etdi hem-de özüne şowhunly agşamlyklary, deňizde gämili syýanatlary we maşgala dabaralaryny birleşdirdi. Bularyň ählisi üçin ýaşlaryň maşgalalary 600 million dollara golaý sarp etdiler.

Toýuň senesini müneçjimler bellediler, 12-nji iýulda esasy dabara, 13-ine myhmanlar hindileriň nikadan geçiş dabarasy bolan Şubh Aşirwad çäresine ýygnandylar.

Esasy toý dabarasy Mumbaýdaky maslahatlar zalynda geçdi, oňa dünýä meşhur syýasatçylar, sport türgenleri, artistler geldiler.

Myhmanlaryň arasynda Dewid we Wiktoriýa Bekhemler, Hillari Klinton, Bolliwidyň ýyldyzy Şaruh Han, Kim we Hloýa Kardaşýanlar bar. Çärä ýurduň premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň