Top.Mail.Ru

Matematika boýunça mekdep ýumşy internet ulanyjylary aljyratdy

12:2613.07.2024
0
18084
Matematika boýunça mekdep ýumşy internet ulanyjylary aljyratdy
Surat: mir24.tv

Bäşinji synp okuwçylary üçin matematika boýunça öý ýumşy internet ulanyjylary çykgynsyz ýagdaýa saldy. Ulularyň köpüsi onuň hatda özleri üçin hem diýseň çylşyrymlydygyny aýdýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Mekdep ýumşuny okuwçynyň uly agasy internetde ýerleşdirdi hem-de ony çözmegi başarmandygyny aýdyp, adamlardan kömek sorady. Ilki ol ähli maşgala agzalary bilen meseläni çözmäge synanyşandyklaryny, emma başarmandyklaryny boýun aldy.

Mesele şeýle: «Klýaýn duşenbede kitabyň 30 sahypasyny hem-de sişenbede sekizden bir bölegini okady. Çarşenbede ol galan bir çärýek bölegini okady. Kitap näçe sahypadan durýar?».

Internet ulanyjylaryň köpüsi soragyň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny ýazýarlar. Meseläni çözenleriň pikiriçe, onuň jogaby – «48 sahypa» diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň