Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpek ýoly ― 2024»: sekizinji tapgyrda Daňatarowyň topary ýeňiji boldy

12:1013.07.2024
0
21070

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky topar «Ýüpek ýoly ― 2024» halkara rallisiniň sekizinji tapgyrynda T2 ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy.

Bu tapgyrda ikinji orunda hem türkmen topary geldi. Merdan Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar pellahana öňdebaryjydan bary-ýogy 13 minut soň geldi. Üçünji orny bolsa russiýaly Andreý Suşensowyň topary eýeledi.

Ýaryşyň dokuzynjy tapgyry 422,69 kilometrlik ýoldan ybarat bolar. Bu tapgyr 13-nji iýulda, şenbe güni geçiriler.

«Ýüpek ýoly ― 2024» 15-nji iýul güni Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň