Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nepalda 65 adam suw süýşgünlerinde dereksiz ýitdi

10:2313.07.2024
0
12057
Nepalda 65 adam suw süýşgünlerinde dereksiz ýitdi
Surat: report.az

Nepalda suw süýşgünleriniň iki sany awtobusy derýa äkitmegi netijesinde 65 adam dereksiz ýitdi. Bu barada «Kathmandu Post» gazetine salgylanýan «Report» habar berdi.

Ýerli polisiýanyň maglumatlaryna laýyklykda, Katmandu şäherine barýan awtobusda 24 adam, Katmandu-Gaur ugry boýunça gatnaýan beýleki awtobusda 41 ýolagçy bar ekeni. Ýolagçylaryň üçüsi süýşgün wagty awtobusdan çykyp, halas bolmagy başarypdyr.

Waka düýn – annada ir säherde bolupdyr. Wakanyň bolan ýerinde güýçli çabga ýagmagy gözleg-halas ediş işlerini kynlaşdyrýar. Galyberse-de, betbagtçylygyň bolan ýerine eltýän gara ýol bölegi suw süýşgünleri sebäpli ýapylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň