Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi

13:3111.07.2024
0
11863
Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi
Surat: «Arkadag» gazeti

Ko­re­ýa­ Res­pub­li­ka­sy­nyň­ Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Kim­ Kon Hi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi. «Arkadag» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen hatda şeýle bellenilýär:

«Men­ bi­ziň­ Türk­me­nis­ta­na­ bo­lan­ döw­let­ sa­pa­rymy­zyň­ do­wa­myn­da­ me­niň­ ýol­da­şy­ma­ hem­-de­ ma­ňa bil­di­ren­ mä­hir­li­ myh­man­sö­ýer­li­gi­ňiz­ üçin,­ Halk­ Masla­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy­na­ we­ Si­ze­ çuň­ňur­ ho­şal­ly­gy­my bil­dir­mek­ is­le­ýä­rin.­ Si­ziň­ bi­zi­ şeý­le­ göw­na­çyk­lyk hem­-de­ myh­man­sö­ýer­lik­ bi­len­ gar­şy­la­ma­gy­ňyz­ biz­de bir­-bi­ri­mi­zi­ köp­ wagt­dan­ bä­ri­ ta­na­ýan­ ýa­ly­ duý­gy­ny dö­ret­di.­ Biz­ oňaý­ly­ ýag­daý­da­ dür­li­ ugur­la­ra­ de­giş­li me­se­le­ler­ bo­ýun­ça­ söh­bet­deş­ bol­ma­k müm­kin­çili­gine­ eýe­ bol­duk.­

Men­ ha­ky­ky­ ta­ry­hy­ we­ däp­-des­sur­la­ry­ bolan owadan­ ýurt­da­ —­ Türk­me­nis­tan­da­ il­kin­ji­ ge­zek­ bo­lup gör­düm.­ Si­ziň­ hut­ özü­ňi­ziň­ gat­na­şyp,­ türk­men­le­riň däp­ bo­lan­ el­de­ ti­kin­ tik­mek­ sun­ga­ty­ —­ keş­de­ bi­len­ tanyş­dyr­ma­gy­ňyz­ hem­-de­ dost­luk­ly­ gü­nor­tan­lyk­ na­ha­rynyň­ öň­ýa­nyn­da,­ däp­ bo­lan­ owa­dan­ türk­men­ ly­ba­sy­ny ge­ýip­ gör­me­gim­ me­niň­ üçin­ aý­ra­tyn­ ýat­la­ma­ öw­rül­di.­

Men­ şeý­le­ hem­ bi­ze­ eden­ gym­mat­ly­ sow­ga­dy­ňyza­ —­ Türk­me­nis­ta­nyň­ mil­li­ gym­mat­ly­gy­ bo­lup­ dur­ýan ala­baý­ gü­jük­le­ri­ni­ sow­gat­ be­ren­di­gi­ňiz­ üçin,­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy­na­ we­ Si­ze­ ýe­ne­-de­ bir­ ge­zek ho­şal­lyk­ bil­dir­mek­ is­le­ýä­rin.­ Men­ bi­ziň­ ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky­ dost­lu­gyň­ ala­ma­ty­ bo­lup­ dur­ýan­ bu­ iki gü­jü­jek­le­riň­ ala­da­sy­ny­ ede­rin.­

Men­ Siz­ bi­len­ Seul­da­ tä­ze­den­ du­şuş­ma­ga­ we­ bi­ziň döw­let­ sa­pa­ry­my­zyň­ bar­şyn­da­ bi­ze­ bil­di­ri­len­ myh­mansö­ýer­lik­ üçin­ Si­ze­ sagbol­sun­ aýt­mak­ müm­kin­çi­li­gi­niň bol­ma­gy­na­ umyt­ ed­ýä­rin­ hem­-de­ Si­ze­ we­ Si­ziň­ maşga­la­ ag­za­la­ry­ňy­za­ berk­ jan­ sag­lyk­ we­ aba­dan­çy­lyk,­ şeý­le­ hem­ Türk­me­nis­ta­nyň­ ba­ky­ gül­läp­ ös­me­gi­ni ar­zuw­ ed­ýä­rin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň