Top.Mail.Ru

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy ýokary hilli önümleri hödürleýär

10:5911.07.2024
0
5227
Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy ýokary hilli önümleri hödürleýär
Surat: business.com.tm

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy iri we öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Toplum 2012-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen gurlup, hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän maglumatlara görä, toplum ýurtda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Elewator, un, çörek hem-de çörek önümleri, unaş we unaş önümleri ýaly bölümleri öz içine alýan kuwwatly kärhana doly güýjünde öndürijilikli işleýär. Ähli bölümlerde işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Däne kabul edilenden tä taýýar önüm öndürilýänçä, ähli iş kämil tehnologiýalaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Degişli bölümde däne gaýtadan işlenilip, uzak saklanmazdan ýörite enjamlarda arassalanýar. Soňra ammarlara ugradylýar. Olar bir wagtda 100 müň tonna däne saklamak mümkinçiligine eýedir.

Makalada bellenilişi ýaly, degirmen bölüminiň özbaşdak ulgamlarynyň ikisinde gaýtadan işlenen hasyldan ýokary görnüşli un taýýarlanýar. Ulgamlaryň biri ýokary we birinji hilli, beýlekisi unaş ununy öndürmäge niýetlenendir. Taýýar önüm dürli göwrümli haltalara hem-de awtomatlaşdyrylan gaplama enjamlary arkaly ownuk gaplara gaplanýar. Bu ýerde işiň her tapgyrynda önümiň hili ýörite barlagdan geçirilýär. Iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaý arassalamaga ukyply.

Ýeri gelende, işçi-hünärmenleriň ýüzlerçesiniň zähmet çekýän ýerinde ilkibaşda ýokary hilli undan çörek we çörek önümleriniň, unaşyň birnäçe görnüşiniň öndürilendigini, «Altyn asyr», «Melhem», «Petir», «Ruhubelent» nyşanly, «Gatlakly», «Gülälek», «Kömelek», «Şöhle» ýaly süýjüli çörekçeleriň, petir halkajyklarynyň önümçiliginiň alnyp barlandygyny, bu gün bolsa önümçiligiň has giňeldilendigini bellemek gerek.

Unaş we unaş önümleri Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ýörite bölümde öndürilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 48 tonna barabar bölümde zähmet çekýän ýaşlar kämil tehnologiýalar arkaly hamyr garmakdan başlap, unaşyň dürli görnüşini taýýarlamaga çenli işleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Öňdebaryjy kärhana täze hasyly bökdençsiz kabul edip, möhüm işde döwletiň we halkyň giň goldawyny gazanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň