«Focus2Move» awtoportaly dünýäde satuwlar boýunça öňdeligi eýeleýän awtoulaglaryň onlugyny çap etdi. Birinji orunda «Toyota» ýerleşdi: 2024-nji ýylyň maý aýy boýunça bu kompaniýanyň ulaglarynyň 3,6 milliony ýerlendi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Ikinji orunda «Volkswagen» kompaniýasy 1,9 mln satuw görkezijisi bilen ýerleşdi, ol dünýä bazarynyň 5,8 göterimini eýeleýär. Ilkinji üçlüge şeýle hem 1,6 birlik bilen «Honda» girdi.
Ondan soňra «Ford» we «Hyundai» (degişlilikde 1,5 mln satylan ulag bilen), «Nissan» (1,3 mln), «Chevrolet» (1,3 mln) we «Kia» (1,2 mln) ýerleşdi. Dokuzynjy orunda 1,1 mln birlik görkeziji bilen «BYD» hytaý brendi ýerleşdi. 2019-njy ýylda bu kompaniýa sanawda 49-njy orny eýeleýärdi.
Onlugyň iň ahyrynda «BMW» nemes awtoulag konserni ýerleşdi, ol 944 müň ulag satdy.