Top.Mail.Ru

Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy

09:3010.07.2024
0
8899
Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy
sg.news.yahoo.com

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly futbolçylar Mýunhen şäherinde geçirilen ýarymfinal duşuşygynda Fransiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdiler.

Duşuşykda ýeňiji tarapyň gollaryny Lamin Ýamal (21-nji minut) bilen Dani Olmo (25) geçirdi. Fransuzlardan bolsa 9-njy mnutda Randal Kolo-Muani tapawutlandy. 16 ýaşly Ýamal Ýewropa çempionatlarynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy hökmünde taryha girdi.

Düýnki duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysynyň kapitany Kilian Mbappe meýdana ýüzi örtüksiz çykdy. Ol Awstriýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda burnundan şikes alypdy. Düýnki duşuşykda Mbappe gol pasyny berdi.

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň Ýewro ― 2024-däki ahyrky duşuşygyna bu ýygyndyda iň köp gezek tapawutlanan hüjümçi Oliwýe Žiru hem gatnaşdy. Ol 79-njy minutda oýna girdi. Futbolçy maý aýynda şu gezekki çempionatyň özi üçin iň soňky Ýewropa çempionaty boljakdygyny aýdypdy.

Ispaniýa final duşuşygyny Niderlandlar ― Angliýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen geçirer. Bu jübütleriň arasyndaky ýarymfinal duşuşygy şu gün ― 10-njy iýulda, Dortmund şäherinde geçiriler. Final duşuşygy bolsa 14-nji iýulda Berlinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň