Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:5108.07.2024
0
12180

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» medaly bilen sylaglady, Aşgabatda täze dynç alyş seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna köp adam gatnaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany BMG-niň Baş sekretaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglady.

2. Antoniu Guterriş Aşgabatda BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. BMG-niň Baş sekretary çykyşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Baş sekretaryň kömekçisi Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi we sentýabr aýynda geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary öňe sürjakdigine ynam bildirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

4. Aşgabatdaky «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine täze seýilgäh gurlar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda täze seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri 16-njy awgusta çenli Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär.

5. Aşgabatda Mejlisiň deputatlaryna ses berişlik tamamlandy. Saýlawlarda saýlawçylaryň 90%-den gowragy sagat 19:00-dan öň ses berdi. Türkmenistanyň Mejlisi kanun çykaryjylyk hukugyny amala aşyrýan wekilçilikli edara bolmak bilen, döwlet syýasatyna, şeýle hem giň gerimli özgertmeleri we giňişleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kir Starmere Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini beýan edip, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Dünýäde

7. «YouTube» «Erase Song» guralynyň täzelenen nusgasyny hödürledi, bu gural indi awtorlyk hukugy bilen goralan aýdym-sazlary wideolardan has takyk öçürip bilýär. Şunuň bilen birlikde, täze tehnologiýa dialog we ses effektleri ýaly beýleki ses elementleri öňküligine saklaýar. «YouTube-yň» baş direktory Nil Mohan emeli aň esasynda kämilleşdirilen algoritmiň awtorlyk hukugy bilen goralan aýdym-saz eserlerini takyk tapyp we öçürip biljekdigini aýtdy. Bu mazmun döredijileriň işini has aňsatlaşdyrýar.

8. «Preqin» britan kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark O'Hara öz işewürligini satanyndan bäri adatdan daşary sahylyk görkezdi. O'Hara ähli girdejisini özünde saklamagyň ýerine, 650 million dollary işgärleri bilen paýlaşmagy karar etdi. Bu asylly hereket maliýe bazaryny seljerýän «Preqin» kompaniýasynyň ABŞ-nyň ägirdi «BlackRock-a» satylmagyndan soň amala aşyryldy. O'Hara «Preqin» kompaniýasyny 2002-nji ýylda esaslandyrdy we ýigrimi ýylyň dowamynda firma dünýäde 200 müňden gowrak müşderä hyzmat etmek derejesine çenli ösdi.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň ýarymfinal oýunlaryna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlendi. Ilkinji dörtlüge iň soňky bolup Türkiýäniň toparyny 2:1 hasabynda ýeňen Niderlandlaryň milli ýygydysy girdi. Ýarymfinalda niderlandlylar penalti tapgyrynda Şweýsariýany ýeňen Angliýanyň milli ýygydysy bilen duşuşar. Niderlandlar bilen Angliýanyň arasyndaky ýarymfinal oýny 10-njy iýulda Dortmundda geçiriler. Ispaniýanyň we Fransiýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda ikinji ýarym final 9-njy iýulda Mýunhende geçiriler. Iki duşuşyk hem Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlar.

10. Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol topary Gabaladaky türgenleşik ýygnanyşygynda täze baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Topar «Şamkir» toparyny 13:0 hasabynda ýeňdi. Ýatlatsak, şu ýylyň iýun aýynda tejribeli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew azerbaýjan kluby bilen ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy.

11. 5-nji iýulda «Ýüpek ýoly – 2024» atly halkara ralli ýaryşyna badalga berildi, oňa Türkmenistandan ýaryşyjylar hem gatnaşýar. Bu giň gerimli ýaryş 11 gün dowam edip, 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagtynda tamamlanar. Türkmenistandan doganlar Toýlyýewleriň ekipažy üç tapgyrdan soň liderlere örän ýakyn barýar. Bu ýylky ýaryşyň ugry Sibiriň we Altaýyň gözel ýerleriniň üstünden geçýär, soňra bolsa Mongoliýa gidýär. Ralliniň umumy uzynlygy 5256,70 km bolar, şonuň 2993,24 km-i ýokary tizlikli bölümler. Ýaryşyjylar Mongol Elsiň täsin çägelerini we Gobi çölüniň demirgazyk sebitlerini öz içine alýan dürli howa zolaklaryndan geçmeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň