Top.Mail.Ru

Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi

10:5508.07.2024
0
5594
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi
Surat: ria.ru

Fransiýanyň premýer-ministri Gabriel Attal 8-nji iýulda Republikanyň Prezidenti Emmanuel Makrona iş başyndan gitmek barada ýüz tutjakdygyny habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Demokratiki däplere laýyklykda, 8-nji iýulda men ir bilen Respublikanyň Prezidentine özümiň iş başyndan gitmekçidigimi habar bererin» diýip, Attal ýurtda möhletinden öňki Parlament saýlawlarynyň deslapky jemleri çap edilenden soňra aýtdy. Onuň çykyşyny BFMTV teleýaýlymy görkezdi. Attal şeýle-de, özüniň hökümet başlygynyň wezipesini näçe gerek bolsa, ýerine ýetirmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň