Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmen türgeni kombat dzýu-dzýusu boýunça Aziýanyň çempiony boldy

10:4808.07.2024
0
13417

Geçen ýylyň maý aýynda döredilen Türkmenistanyň Garyşyk söweş sungatlary federasiýasy eýýäm özüniň miweisni berip başlady. Ýakynda Özbegistanyň Buhara şäherinde kombat dzýu-dzýusu boýunça geçirilen ýaryşda bu federasiýasynyň 17 ýaşly türgeni Arslan Tejenow altyn medala mynasyp boldy.

Ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Arslan altyn medala üç tutluşygyň netijesinde mynasyp boldy. Ol çärýekfinalda eýranly türgen Alireza Jebeliden, ýarymfinalda gazagystanly Aziýanyň çempiony Ersain Aitkazydan üstün çykyp, final tutluşygyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Finalda bolsa ol dünýäniň häzirki çempiony, gazagystanly türgen Bekžan Abdisattory ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasyna türkmenistanly türgene altyn medal bilen bilelikde gara guşak (I dan) we Halkara kombat dzýu-dzýusu federasiýasynyň tapawutlandyryş resminamasy gowşuryldy.

Kombat dzýu-dzýusu VIII we XVI asyrlar aralygynda kemala gelen we kämilleşen ýapon söweş sungatydyr. Bu söweş sungatynyň has döwrebap görnüşleri hökmünde newaza jiu-jitsuny hem-de brazil jiu-jitsusyny görkezip bolar.

Arslan 13 ýaşyndan bäri Aşgabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Ata Adaýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşip gelýär. Onuň tälimçisi häzirki wagtda Aziýanyň dzýu-dzýusu federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär we Halkara dzýu-dzýusu federasiýasynyň wise-prezidentligini alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň