Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine täze seýilgäh gurlar

13:4107.07.2024
0
48164

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

«Türkmenmetbugatyň» habar bermegine görä, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyna çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň