Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kids Point» çagalar üçin oýnawaçlaryň we harytlaryň internet dükanyny açdy

12:2106.07.2024
0
14376

Çagalar üçin oýnawaçlaryň we harytlaryň dükany bolan «Kids Point» dükany kidspoint.com.tm salgyly resmi web saýtyny açdy. Giň assortimente eýe bolan täze internet dükany oýnawaçlaryň, döredijilik esbaplarynyň, kämilleşdiriji oýunlaryň, samokatlaryň, rolikleriň, çagalaryň gap-gaçlarynyň we başga-da köp sanly önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär.

«Kids Point» dükanynyň wekiliniň belleýşi ýaly, dükanda hödürlenýän oýnawaçlaryň ählisiniň ýokary hilli we howpsuz bolmagy çagalara niýetlenen önümler üçin örän möhümdir. Kämilleşdiriji oýunlar we oýnawaçlar çagalaryň aň-düşünjesini ýokarlandyrmaga, motorika ukyplaryny we döredijilikli pikirlenmegini ösdürmäge ýardam edýär. Döredijilik esbaplary çagalara öz mümkinçiliklerini açmaga we hyýallaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär, sport enjamlary bolsa olaryň fiziki taýdan berkemegine we işjeň durmuş ýörelgesine eýermegine täsir edýär.

Oýlanyşykly nawigasiýasy we önümleriň kategoriýalara bölünmegi netijesinde, müşderiler internet dükanyndan özleri üçin zerur zatlary tiz we aňsatlyk bilen tapyp bilerler. «Täze önümler» diýen ýöriteleşdirilen bölümde dükana soňky gelip gowşan harytlar hödürlenýär, «Arzanladyşlar» bölüminde bolsa size arzan bahadan ýetirilýän önümler garaşýar.

Müşderiler üçin amatly bolmagy göz öňünde tutulyp, web saýt iki dilde — türkmen we rus dillerinde elýeterli edildi.

«Kids Point» 300 manatdan ýokary möçberde haryt sargyt edilen ýagdaýynda Aşgabadyň islendik ýerine tölegsiz eltip berýär.

Internet dükanyndan başga-da, «Kids Point»-da oflaýn dükanlaryň tory hem bar. Bu ýerde önümler bilen tanyş bolup, satyjylardan maslahat alyp bilersiňiz. «Kids Point» dükanlary Aşgabat şäherinde şu aşakdaky salgylarda ýerleşýär:

  • «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, А205d dükany;
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B7b dükany.

Şeýle-de internet dükanynyň mobil goşundysyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 64) 50 97 52, (+993 12) 46 81 00;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň