Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin «Duralga» goşundysyna täzelemeler girizildi

14:0625.06.2024
1
15665

«Android» we «iOS» operasion ulgamlaryna esaslanýan smartfonlaryň eýeleri «Duralga» programmasynyň birnäçe ýeňilleşdirmeler geçirilen täze görnüşini göçürip alyp bilerler.

Täzelenme ykjam traffigiň sarp edilişini optimallaşdyrdy we awtobusyň ýerleşýän ýerindäki maglumatlaryň täzelenmegini çaltlaşdyrdy. Şeýle hem aşakdaky üýtgeşmeler girizildi: giriş we parol arkaly ygtyýarnama girizildi, tassyklama kody indi 0655 belgiden iberiler, howpsuzlyk we durnuklylyk ýokarlandy, mahabaty kartada we banner görnüşinde ýerleşdirmek ukyby goşuldy.

«Duralgany» döredijiler ykjam goşundylaryň häzirki zaman aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, programmany mümkin boldugyça amatly etmäge we işleýşini ýeňilleşdirmäge synanyşdylar.

«Duralga» 2022-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Ol garaşylýan awtobusyň ýoluny öwrenmegi ýönekeýleşdirýär we şäherdäki iki nokadyň arasynda iň gowy ýoly saýlamaga kömek edýär.

«Duralga» bilen Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketine hakyky wagtda gözegçilik edip bilersiňiz. Goşundy GPS bilen işlemek arkaly bu maglumatlary şäheriň elektron kartasynda görkezip, her ulagyň ýagdaýyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar indi garaşylýan awtobusyň şol wagtky ýerleşýän ýerini görüp we belli bir duralgada gelýän wagtyny hasaplap bilerler. Bu köçede uzak garaşmak zerurlygyny aradan aýryp, öýden ýa-da ofisden çykmaly wagty has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Goşundyny göçürip almak üçin aşakdaky salgylardan peýdalanyp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Begam95 ( 26.06.2024 )

Кто обманиваеть незнаю но после обнавления воше не показываеть

0