Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýokary depginlerde ýeralmany ýygnamagy dowam etdirýärler. Boldumsaz etrabynda ýetişdirilen hasylyň umumy meýdanynyň eýýäm ýarysyndan gowragy ýygnaldy. Bu ýerden şu ýyl ýigrimi bäş müň tonna ýeralma ýygnamak göz öňünde tutulýar diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Welaýatda Akdepe etrabynda-da hasyl ýokary depginlerde ýygnalýar. Bu ýerde häzire çenli şu möwsümde meýilleşdirilen 48 160 tonna ýeralmanyň altmyş iki göteriminden gowragy ýygnaldy. Ýeralma ýetişdirmekde köp tejribe toplan «Şawat» we N.Andalyp adyndaky daýhan hojalyklarynyň daýhanlary öňde barýarlar.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl azyndan 123 müň 200 tonna ýeralma ýygnamak meýilleşdirilýär. Welaýatda şu möwsümde ýeralmany sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly, orta hem-de irki görnüşlerinden ýetişdirildi diýlip, habarda bellenilýär.