Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

22:0124.06.2024
0
9057

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçgala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň