Turkmenportal logo
21.06.24
53355335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nvidia» dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Grafiki prosessorlary öndüriji «Nvidia» kompaniýasy dünýäde iň gymmat jemagat kompaniýasy boldy diýip, «24KZ» ýazýar. Korporasiýanyň bazar kapitalizasiýasy 3 trillion 340 million dollara deň boldy. Soňky bäş ýylda onuň bahasy 35 esse gymmatlady. Netijede, tehniki läheň öň bu ugurda öňdeligi saklap gelen «Microsoft» we «Apple» kompaniýalaryndan öňe geçmegi başardy. Gazna indeksleriniň maglumatlaryna laýyklykda, kärhananyň paýnamalary 2023-nji ýylda 174 göterim gymmatlady we bu üstünlik emeli aň ulgamyny ösdürmegiň hasabyna gazanyldy. Gürrüň çipleriň we EA serwerlerine hyzmat etmek üçin enjamlar barada barýar diýip, bilermenler belleýärler. Olar «Nvidia» kompaniýasynyň bazar bahasynyň şu ýylyň ahyryna çenli 4 trln dollardan geçjekdigini, 2025-nji ýylda 5 trln dollara ýetjekdigini çaklaýarlar.