Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti ýurduň Türkmenistandaky täze ilçisini wezipä belledi

12:5520.06.2024
0
9305

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Nurlan Nogaýewi ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Degişli resminama Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň resmi web saýtynda ýerleşdirildi.

Nurlan Nogaýewden ozal bu wezipäni 2022-nji ýyldan bäri Askar Tajibaýew ýerine ýetrýärdi.

Nurlan Nogaýew 2024-nji ýylyň maý aýynyň ortalaryna çenli Gazagystanyň Mangistau sebitiniň häkimi bolup işleýärdi.

«Wlast» neşiriniň ýazmagyna görä, 56 ýaşly Nurlan Nogaýewiň baý tejribesi bar. Ol magdançylyk inženeri hünäri boýunça I.M.Gubkin adyndaky Moskwa döwlet nebit we gaz akademiýasynda ýokary bilim alýar, şeýle-de ykdysatçy hünäri boýunça Gazagystanyň Döwlet dolandyryş akademiýasyny tamamlaýar. Mundan başga-da, Nurlan Nogaýew Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar uniwersitetiniň hem uçurymydyr.

N.Nogaýew birnäçe ýyllap «KazMunaýGaz» milli kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, Günbatar Gazagystan sebitiniň häkiminiň orunbasary ýaly wezipelerde zähmet çekýär. Şeýle hem, Günbatar Gazagystan we Atyrau sebitlerine ýolbaşçylyk edýär. Ol öz wagtynda Gazagystanyň energetika ministriniň hem wezipesini ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň