Budapeşt şäherinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, energetika, senagat we farmasewtika pudaklarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Bilim we medeni ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyk bellenildi.
Taraplar şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere döwletara gepleşikleriň möhüm bölegi hökmünde garaýandyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda özara gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan dialogy dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Şol gün A.Gurbanow BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Raýmond Ýele bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny bellediler, şeýle hem azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.
19-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary Şandor Lezžagyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar 2023-nji ýylda iki döwletiň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginde ünsi jemläp, türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadylar. Şeýle-de BMG we beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.
Dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin medeni, bilim we parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.