Top.Mail.Ru

Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy

10:5220.06.2024
0
7706

Gyrgyzystanda 55 müň gektar meýdana çekirtge sürüsi hüjüm etdi. Respublikanyň Oba hojalyk ministrligi howanyň aram şertleri netijesinde bu mör-möjekler öň asla duşmadyk etraplaryndaky ekine-de howp salýandygyny habar berdi. Ýagdaý Russiýanyň günortasynda, şeýle-de Gazagystanda hem ýaramaz diýip, «MIR 24» ýazýar.

Çekirtgeleriň soňsuz sürüleri öz öňünden çykan ähli ekini ýalmap-ýuwdup barýar. Olaryň meýlis guran ýerinde indi hasyl bolmaz.

Daýhanlar gyşyna sygyrlar iýmsiz galar öýdüp gorkýarlar. Indi samany başga ýerden gözlemeli bolaýmasa. Bu-da artykmaç çykdajy.

Russiýanyň Astrahan, Wladimir, Saratow oblastlarynda-da şeýle ýagdaý dowam edýär.

Çekirtge diýeniň bir ýerde oturanok. Ol gije-gündizde 300 kilometri geçip bilýär. Dagystanda olar 47 müň gektary basyp aldy diýip, Respublikanyň Oba hojalyk ministrligi habar berdi.

Gazagystanyň günortasynda we günbatarynda çekirtgeler hyň berýär. Irden bu ýerde bol garpyz hasyly ýetişdi, emma günortan barlyp görülse, garpyz meýdany ýalanan ýaly. Diňe Türküstan oblastynda çekirtge 270 müň gektara aýgytly hüjüm etdi.

«Jülge tarapdan gara bulut süýşüp gelen ýaly boldy. Iki sagatdan soň ähli ekini ýok edäýdi. Diňe baldaklar sömelip galdy. Hasyl ýene gögerip çykmaz ahbetin, bar azabymyz reýgan boldy» diýip, daýhan zenan Zulfiýa Abişewa gürrüň berýär.

Türküstan, Kostanaý we Aktýubinsk oblastlarynda ekin meýdanlaryna italýan prusy we marokko çekirtgleleri hüjüm edýär, olar bu mör-möjekleriň iň açgöz görnüşleri. Hökümetiň deslapky maglumatlaryna laýyklykda, Gazagystanda çekirtgeleriň köpçülikleýin ýaýramagy 2,5 milliondan gowrak gektara howp salýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň