Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda ýokary bilim almak: «Ýönekeý» bilen täze gözýetimleri açyň

17:0820.06.2024
0
13631

Ýokary derejeli, abraýly bilime hem-de geljegi uly hünär ýoluna ymtylýarsyňyzmy?

«Ýönekeý» hususy kärhanasy türkmenistanly dalaşgärleri Hytaýyň iň gowy uniwersitetleriniň talyplarynyň hataryna goşulyşmaga çagyrýar.

Hytaýda okamak näme üçin gerek?

bilimiň ýokary derejesi: öňdebaryjy bilim maksatnamalary, tejribeli mugallymlar, häzirki zaman tejribehanalary.

okuwyň töleginiň elýeterliligi: bu ýerde okuwlaryň tölegi Ýewropadan we ABŞ-dan has amatly.

täze mümkinçilikler: Hytaýda we daşary ýurtlarda ýokary aýlykly iş tapmaga mümkinçilik berýär.

howpsuzlygy: Hytaý dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biridir.

Näme sebäpden «Ýönekeý» — Hytaýda bilim almak üçin iň gowy saýlaw?

- bilim maksatnamalarynyň köpdürli görnüşi: bakalawriat, magistratura, aspirantura, doktorlyk. Maksatlaryňyza we gyzyklanmalaryňyza laýyk gelýän bilim maksatnamasyny taparsyňyz.

- öňdebaryjy uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk: Guangxi University we beýlekiler. «Ýönekeý» diňe abraýly, ýokary derejeli uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edip, ýokary hilli bilimi kepillendirýär.

- hünär taýdan ýokary derejeli kömek: ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamakdan başlap, resminamalary düzetmek hem-de wiza goldawyna çenli. «Ýönekeý» kärhanasynyň hünärmenleri size bu meselede ýüze çykyp biljek kynçylyklarda ýardam ederler we okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda kömegini gaýgyrmazlar.

- hytaý dilini bilmek hökman däldir: bu ýerde dil bilmeseňiz hem okap bilim alyp bilersiňiz.

- oňaýly şertler: «Ýönekeý» size ýaşaýyş jaýyny tapmaga we täze ýurtda rahat ýaşamaga kömek eder.

- maliýe taýdan goldaw: bu ýerde okaýan talyplar VISA kartyna pul geçirtmek arkaly Türkmenistanda ýaşaýan maşgalalaryndan maliýe kömegini alyp bilerler.

Has giňişleýin maglumatlary okamak.yonekey.com web saýtyndan alyp bilersiňiz. Ýerler çäklidir!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň