Dünýäniň ähli ýerinden musulmanlaryň 1,5 milliondan gowragy Mekge şäherine her ýylky haj parzyny berjaý etmek üçin bardylar diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Habarda Saud Arabystanynyň häkimiýetleriniň bu ýylky haja 2 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşýandyklary aýdylýar.
Haj 14-nji iýundan 19-njy iýun aralygynda dowam eder. Öň saud meteorologlary haj döwründe howanyň yssy boljakdygyny, ýagny 48 gradus derejede gyzyp biljekdigini duýdurdylar.
Haj musulmanlaryň yslamyň Mekgede ýerleşýän esasy keramatly ýeri bolan Käbä her ýylky zyýaratdyr. Ol musulman Aý senenamasynyň on ikinji aýynyň başynda amal edilýär. Her bir musulman üçin fiziki saglygy we maliýe ýagdaýy mümkinçilik berýän bolsa, ömründe bir gezek haja gitmek parz hasaplanýar.