Turkmenportal logo
14.06.24
1403514035
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Borussiýa» Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny mälim etdi

Dortmundyň «Borussiýa» futbol klubunyň metbugat gullugy Edin Terziçiň baş tälimçilikden boşadylandygyny yglan etdi.


Habarda bellenilişine görä, tälimçiniň özi işden gitmek barada arza beripdir hem-de onuň islegi toparyň ýolbaşçylary tarapyndan kanagatlandyrylypdyr.


41 ýaşly hünärmen Edin Terziç 2022-nji ýylyň maýyndan bäri «Borussiýanyň» baş tälimçisi bolup işläp gelýärdi. Onuň topar bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendi. Mundan başga-da, ol 2010 — 2013-nji ýyllaryň aralygynda hem-de 2018-nj ýyldan häzirki wagta çenli toparyň ulgamynda işläp gelýärdi. Ol klubuň ýaşlar toparlaryny türgenleşdirdi hem-de tälimçiler ştabynda zähmet çekdi.


Şeýle-de ol dürli ýyllarda Angliýanyň «West Hem» hem-de Türkiýäniň «Beşiktaş» toparlaryna hem tälimçilik etdi.


Ýeri gelende bellesek, tamamlanan möwsümde «Borussiýa» ÝÇL-iň finalyna çykmagy başardy hem-de ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunda Ispaniýanyň «Realyndan» 2:0 hasabynda asgyn geldi. Topar geçen möwsümde Bundesligada bäşinji orny eýeledi. 2022/23-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa «Borussiýa» Bundesliganyň kümüş medalyna eýe çykypdy.