Turkmenportal logo
14.06.24
1284112841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýuwentusyň» täze baş tälimçisi Tiagu Motta boldy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragçysy Tiagu Motta «Ýuwentusyň» täze baş tälimçisine öwrüldi. Turin klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 41 ýaşly hünärmen bilen 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenen şertnama gol çekişildi.


«Ýuwentus» ýaly ajaýyp kluba tälimçilik edýändigime, karýeramda täze tapgyra başlandygyma örän şat» diýip, Motta öz pikirlerini paýlaşdy.


Ýeri gelende bellesek, Tiagu Motta mundan ozal «Bolonýany» türgenleşdirip, 2023/24-nji ýyllaryň möwsüminde A seriýada 5-nji orny eýelemegi başarypdy. Ondan öň «Ýuwentusa» Massimilýano Allegri tälim berýärdi.