Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Tunisde 10 — 13-nji iýun aralygynda geçirilýän CDIO XX halkara maslahatyna gatnaşýarlar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynyň inžener-tehnologiýa hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, CDIO guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Esprit (Ecole superieure privée d'Ingénierie et de Technologie) tehnika we tehnologiýalar hususy ýokary okuw mekdebinde geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti CDIO halkara maslahatyna gatnaşyjy hem-de bu guramanyň agzasy hökmünde ýokary okuw mekdebiň ylmy-barlag we bilim işleri bilen giňişleýin tanyşdyrmagy maksady bilen çagyryldy. Uniwersitetiň mugallymlary maslahatyň çäklerinde guralan çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de tematiki tanyşdyrmalar bilen çykyş edýärler.
CDIO – innowasion inženerçilik bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň bütindünýä ulgamy bolup, innowasion hem-de işe ukyply döredijilik çözgütler arkaly dünýäni gowulyga tarap özgerdýän jogapkärli inženerleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Ol dünýä boýunça ýerleşen ýokary okuw mekdepleriniň 200-den gowragyny özünde jemleýär. CDIO (Conceive – Design – Implement – Operate) başlangyjy bilim maksatnamasy hökmünde bolup, onuň esasynda talyplaryň inženerçilik hünärini «Meýilleşdirmek – taslama düzmek – öndürmek – ulanmak» nusgasyna laýyklykda, halkara derejesinde anyk ulgamlary, işleri we önümleri özleşdirip bilmeklerini gazanmak maksady durýar.
Halkara derejeli Inžener-tehnologlary taýýarlamak boýunça türkmen ýokary okuw mekdebinde geçirilýän işler bilen tanyşdyrmak üçin forumda himiýa-tehnologiýa fakultetiniň mugallymy Batyr Atdaýew çykyş etdi. Onuň tanyşdyrmalary «Okuw maksatnamasynyň mehatronika we robottehnikasy ulgamynda talyplaryň taýýarlanylyşyna täsiri», «Emeli aň arkaly talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak», «CDIO ölçeglerine laýyk gelýän bilim ulgamynyň binýadynda kiber-fiziki ulgamlary fakultetiniň talyplarynyň okadylyşy» ýaly temalara bagyşlandy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasyna doly hukukly agza hökmünde kabul edilendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti CDIO-nyň çäklerinde ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän ylmy-amaly, bilim häsiýetli dürli halkara çärelerine hemişe gatnaşyjydyr.