Turkmenportal logo
13.06.24
1565315653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 2025-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogy üçin bije çekişlik boldy.


Bije çekişlige 43 ýygyndy gatnaşdy. Olar öz aralarynda 10 toparça bölündiler. Yklym çempionatynyň saýlama duşuşyklary şu ýylyň 19 ― 27-nji oktýabry aralygynda geçiriler.


Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy bije çekişligiň netijesinde «D» toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada türkmen futbolçylaryndan başga-da, Taýlandyň, Hindistanyň we Bruneýiň ýygyndylary hem bar.


Saýlama duşuşyklaryň netijesinde 10 toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen 5-si yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşar. Aziýanyň kubogy geljek ýylyň 3-nji aprelinden 20-nji apreline çenli aralykda Saud Arabystanynda geçiriler.


Bije çekişligiň netijeleri:


«A» toparça: Eýran, Iordaniýa (Ýer eýesi ― geljekde ý.e.), Siriýa, Gonkong, Hytaý, KHDR;


«B» toparça: Owganystan, Bangladeş, Kamboja (ý.e.), Filippinler, Makau;


«C» toparça: Koreýa Respublikasy, Hytaý (ý.e.), Bahreýn, Butan, Maldiwler;


«D» toparça: Taýland (ý.e.), Hindistan, Bruneý, TÜRKMENISTAN;


«E» toparça: Özbegistan, Yrak, Taýwan (ý.e.), Palestina;


«F» toparça: Ýaponiýa, Katar (ý.e.), Mongoliýa, Nepal;


«G» toparça: Awstraliýa, Indoneziýa, Kuweýt (ý.e.), Demirgazyk Marian adalary;


«I» toparça: Ýemen, Wýetnam (ý.e.), Gyrgyzystan, Mýanma;


«J» toparça: Täjigistan, Oman, Singapur (ý.e.), Guam.