Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy ideg kosmetikasynyň assortimentini giňeltdi

11:1312.06.2024
0
13314

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy ideg kosmetika serişdeleriniň haryt görnüşlerini giňelýändigini habar berýär.

Bu dermanhanadan siz ýüz, beden we saç üçin kremleriň, maskalaryň, şampunlaryň hem-de beýleki kosmetika önümleriniň köpdürli görnüşlerini tapyp bilersiňiz. Bu ýerde «Vichy», «La Roche-Posay» we «Catalysis» ýaly meşhur brendleriň önümleri hödürlenýär.

«Vichy» — dürli deri görnüşleri, şol sanda duýgur deri üçin dermatologiki taýdan synag edilen, kosmetikany ösdürmäge ýöriteleşen fransuz brendi.

«La Roche-Posay» — bu termal çeşmeleri we bejeriş aýratynlyklary bilen meşhur bolan başga bir fransuz brendi. «La Roche-Posay» kosmetik serişdeleri düwürtik, ekzema we rozasea ýaly deri problemalary bolan adamlar üçin laýykdyr.

«Catalysis» — ylymyň soňky gazananlaryna esaslanýan innowasion kosmetika serişdeleri hödürleýän amerikan brendi bolup durýar. Bu brend önümlerinde diňe tebigy maddalary ulanýar we önümlerini haýwanlarda barlag etmeýär.

«Dostlukly Zähmet» müşderileriniň saglygy we gözelligi barada alada edýän dermanhana. Biz dermanlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň, saglyk we gözellik serişdeleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýäris» diýip, dermanhananyň hünärmeni pikirini paýlaşýar.

Dermanhanada loýallyk programmasy bolup, her anna güni dermanlaryň belli bir toparyna hem-de lukmançylyk harytlaryna 3,5% arzanladyş hödürlenýär. Mundan başga-da, dermanhana Aşgabadyň 15-nji tapgyry ýaşaýyş toplumyna sargytlary tölegsiz eltip berýär.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy şu salgyda ýerleşýär: S.Seýdi köçesi, «Rysgally» binasy, 1-nji gat. Iş wagty: sagat 8:00-dan 23:00-a çenli (hepdäniň ähli günleri).

Telefon belgileri: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň