Turkmenportal logo
12.06.24
1235312353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Startup Bootcamp” maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýärler. Maksatnama gatnaşmaga ýokary tehnologiýalar ulgamynda öz ideýalaryny/taslamalaryny startaplara öwürmegini ýa-da işleýän startaplaryny gowulandyrmagyny we gerimi giňeltmegini isleýän ýaşlar çagyrylýar.


Maksatnama şu aşakdaky mümkinçilikleri berer:


  • Ökde maslahatçylardan, tälimçilerden we üstünlikli telekeçilerden startap-taslamalary işläp düzmegi öwrenmek;
  • Taslamany durmuşa geçirmek meýilnamasyny düzmek: taslamanyňyzyň maksatlaryny, wezipelerini, gerek bolan serişdelerini we töwekgelçiliklerini kesgitlemek we ony bazara görä kämilleşdirmek;
  • Müşderleriňizi kesgitlemek, özboluşly satuw teklibiňizi seljermek, işläp düzmek we synagdan geçirmek;
  • Öz startapyňyzy ösdürmek we gerimini giňeltmek, onuň netijeligini ýokarlandyrmak we girdejiligini ýokarlandyrmak.

Iň oňat startaplaryň awtorlaryna “Hi-Tech Turkmenistan 2024” halkara forumynda we sergisinde öz taslamalaryny maýadarlara we iri halkara kompaniýalarynyň wekillerine hödürlemäge mümkinçilik beriler.


Bu maksatnama gatnaşmak üçin şu linkdäki ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň iýun 21-ne sagat 10:00-a çenli doldurmaly.