Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oksford uniwersiteti Hindistana 500 ýaşly heýkeljigi gaýdyp berer

17:0310.06.2024
0
8892

Hindistanyň Ýokary geňeşi ýurduň ybadathanalarynyň birinden ogurlanan XVI asyrda ýaşan şahyr we dindar Tirumangaý Alwary şekillendirýän bürünç heýkeliň gaýtarylyp berilmegini talap etdi, Oksford unuwersiteti gymmatlygy hak eýesine berjekdigini habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. Boýy 60 santimetre golaý bolan heýkel uniwersitetiň Eşmol muzeýinde sergilenýär.

Hindistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda jedellere sebäp bolýan ýene bir gymmatlyk dünýäde iň iri göwherleriň biri bolan «Kohinur» bolup durýar. Bu gymmatbaha daş 1849-njy ýylda tamamlanan Ikinji iňlis-sinh urşundan soňra iňlisler tarapyndan Penjapda olja alyndy. Ol Patyşa aýal Wiktoriýa sowgat berildi we şondan bäri Britan Patyşalyk täjini bezeýär.

Hindistan birnäçe gezek «Kohinura» öz hukugyny bildirdi diýip, «The Guardian» ýazýar.

2023-nji ýylda Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis Londondan Britan muzeýinde saklanýan Parfenonyň heýkelini gaýdyp bermegi talap etdi, emma ýurduň Premýer-ministri Rişi Sunak talapdan ýüz öwürdi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň