Ozal habar berşimiz ýaly, ylym ulgamynyň işgärlerinden ybarat wekiliýetiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygynda golaýda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherine amala aşyran iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň direktory Teýmur Kerimliniň arasynda geçirilen duşuşykda geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurduň wekiliýeti akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bu institutda gymmatly hazyna hökmünde saklanýan golýazmalary, olaryň tapylyşynyň taryhy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynda duşuşyk geçirilip, onda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ylym-bilim babatda bilelikde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de ilerletmek babatda pikir alşyldy.
«Turkmenportal» Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynda «Magtymguly Pyragy» adyndaky türkmen edebiýaty merkeziniň açylandygy barada habar beripdi. Şol günki dabarada institutyň binasynda kitap sergisi guraldy. Serginiň çäklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylda akyldar şahyryň eserleriniň üç dilde çapdan çykan täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem guraldy. Şeýle-de bu ýerde azerbaýjan halkyndan türkmen halkyna sowgat hökmünde berlen, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Osmanlynyň beýik söz ussadymyza bagyşlap täze ýazan «Magtymguly Pyragy. Poemalar» kitaby, meşhur azerbaýjan taryhçysy we publisisti Teýmur Ataýewiň Döwletmämmet Azady baradaky «Wagzy-Azat: düýn, şu gün, ertir» atly kitaby tanyşdyryldy.
Edebiýat institutynyň mejlisler zalynda geçirilen «Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragy we Azerbaýjan» atly halkara ylmy maslahatda iki ýurduň ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylary we türkmen ilçisi çykyş etdi. Çykyşlarda Azerbaýjanda hem türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň ylmy taýdan öwrenilýändigi, onuň ajaýyp eserleriniň uly gyzyklanma bilen okalýandygy nygtaldy. Ylmy maslahatda dostlukly ýurduň alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, poemalary we beýik akyldaryň goşgularynyň azerbaýjan nusgawy şahyrlarynyň şygyrlary bilen umumylyklary hakyndaky çykyşlary-da diňlenildi.
Şol gün türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň öňündäki seýilgähde, «III Türk dünýäsi edebiýat we kitap festiwalynyň» çäklerinde, Azerbaýjanda «Türkmenistanyň gününiň» yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere-de gatnaşdy. Bu ýerde geçirilen konsertde Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna döredilen türkmen aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Baku döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygynda bilim babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda bu bilim ojagy bilen Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Baku şäheriniň gözel ýerlerine we Geýdar Aliýew merkezine, «Içki gala» taryhy ýadygärligine baryp gördüler diýlip, habarda bellenilýär.