Top.Mail.Ru

Arhiw

5 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

10:1107.06.2024
0
11585

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda çykyş edýändigini belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi harby gullukçylaryň aýratyn taýýarlygyny talap edýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de harby okuw edaralarynda bilim bermegiň, okatmagyň innowasion usullaryny ulanmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijelerine kanagatlanma bildirip, meýilnama laýyklykda, türgenleşigi mundan beýläk-de ýokary hilli geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Okuw türgenleşigi Ýaragly Güýçleriň has-da kämilleşýändigini görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň söweşjeň taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmak barada görkezme berildi.

Harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurduň raýatlarynyň harby gulluga çagyrylyşyny bellenen tertibe laýyklykda geçirmek bilen baglanyşykly görkezmeler berildi. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk we talabalaýyk berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda kanunçylyk-hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmekde möhüm döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümiň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmelidikleri bellenildi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek, ýol gözegçilik gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehniki serişdeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzmagy sebäpli, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler ministri M.Hydyrowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklary boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu ulgama sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda görlen çäreler, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin döredilýän şertler hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin innowasion tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagynyň, kazyýet işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu ugurda sazlaşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň söweşjeň we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň dost-doganlyk serhedi bolan döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde esasy talaplaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti gullugyň ýolbaşçysyna döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin, serhet goşunlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işlere berk gözegçilik etmegi, olaryň doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Ý.Nuryýewe berk käýinç yglan etdi.

Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek, raýatlaryň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, olara hukuk kömegini bermek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek we milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek zerurdyr. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň ýolbaşçysyna ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçýän ýüklere has takyk gözegçilik etmek maksady bilen, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, häzirki wagtda üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen baglylykda, döwletiň eksport kuwwatyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

"Ýurdumyzda gümrük gözegçiligini ygtybarly ýerine ýetirmek hem-de gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak bilen bagly işleri has-da güýçlendirmek möhümdir" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gözegçilik edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň, halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň bu ulgamdaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň hataryndadygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlisi jemläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

"Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär" diýip, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň