Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi

09:2106.06.2024
0
6939

Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi ýurduň Prezidenti Draupadi Murmu bilen duşuşyp, Ministrler Kabineti bilen birlikde iş başyndan gitdi diýip, Prezidentiň sekretariatyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Murmu ondan we Ministrler Kabinetinden täze Hökümet saýlanýança işi dowam etmegi haýyş etdi diýlip, habarda aýdylýar.

Kesgitlenen kanunçylyga görä, Parlamente saýlawlaryň netijeleri boýunça Premýer-ministr we Ministler Kabineti iş başyndan gitmeli, emma täze Hökümet düzülýänçä işini dowam etmeli.

Hindistanda geçen saýlawlaryň jemleri boýunça Modiniň «Bharatiýa Janata parti» partiýasy Parlamentde orunlaryň 240-sini aldy, emma bu hökümeti düzmek üçin gerek bolan sandan 32 orun azdyr, ýagny munuň üçin 543 sesiň 271-sini gazanmaly.

Şunuň bilen birlikde Modiniň partiýasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Milli-demokratik alýans» bileleşigine girýän partiýalaryň seslerini hasaba almak bilen, bu bileleşik Parlamentde orunlaryň 292-sini alýar, bu bolsa Modä koalision häsiýetli täze Hökümeti düzmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň