Top.Mail.Ru

Tomusyň tagamy: «Ilatly» restorany her bir myhmanyna sowgat berýär

14:5203.06.2024
0
12855

Italýan aşhanasy we oňaýly atmosferasy bilen meşhur bolan «Ilatly» restorany iýun aýynda ähli myhmanlaryna göwnejaý teklibi hödürleýär.

Aýyň dowamynda Ilatly restoranyna barjak myhmanlaryň hemmesi aşpezden sowgat hökmünde ýakymly süýjülik alarlar.

«Biz her bir myhmanyň mähir bilen gurşalýandygyny duýmagyny isleýäris. Şonuň üçin hemmelere süýjülik görnüşinde sowgat bermek kararyna geldik. Bu bizi saýlanyňyz üçin sag bolsun aýtmagymyzyň özboluşly bir usuly» diýip, «Ilatlynyň» mejenejeri belleýär.

«Ilatly» — bu rahatlyk we dynçlyk duýgusyny döredýän amatly atmosferaly häzirki zaman Ýewropa dizaýny bolan restorandyr.

Restoran dürli ýaşdaky myhmanlary özboluşly garşy almak bilen, ýörite çagalar tagamnamasyny hem-de oýun meýdançasyny hödürleýär.

«Ilatly» restoranynyň tagamnamasynda köp sanly işdäaçarlar, çorbalar, etli tagamlar we salatlar hödürlenýär. Her bir goşundy ýatdan çykmajak gastronomiki täsirleri galdyrmak üçin ünslülik bilen saýlanyp alnyp, uly söýgi bilen taýýarlanylýar.

«Ilatly» restoranyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Änew şäheri, Gurbansoltan köçesiniň ugry.

Telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň