Telekeçi we maýadar zenan Halla Tomasdottir Islandiýada Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada «MIR 24» habar berýär.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Tomasdottir üçin saýlawçylaryň 32,8 göterimi, onuň esasy bäsdeşi, ýurduň öňki Premýer-ministri hanym Katrin Ýakobsdottir üçin 25,7 göterimi ses berdi.
Halla Tomasdottir saýlawlara ikinji gezek gatnaşdy. Ol indi iki gezeklik dört ýyllyk möhletden soňra iş başyndan gidýän Gwýudni Torlasius Ýougannessony çalyşýar. Ol Islandiýanyň taryhynda ikinji Prezident zenan bolar diýip, «Bloomberg» habar berdi.