Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

W.Hajyýew Parahatçylyk uniwersitetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy bilen duşuşdy

16:4602.06.2024
0
8732

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew Parahatçylyk uniwersitetiniň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik synçysy, ilçi Dawid Fernandes Puýana bilen duşuşdy.

Duşuşykda W.Hajyýew we D.F.Puýana Parahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak we Aşgabatda Bitaraplyk hem-de howpsuzlyk institutyny döretmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da Parahatçylyk uniwersitetiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, halkara ýagdaýlaryň häzirki durnuksyz şertlerinde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek ugrundaky tagallalaryň uzak möhletleýin ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Ženewadaky wekilhanalaryň çäklerinde bilelikdäki tematiki çäreleri geçirmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy hem-de gepleşikleriň indiki tapgyryny Aşgabatda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň