Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabide ýangyç guýujy robot peýda boldy

13:3531.05.2024
0
10395

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyndaky ýangyç guýujy beketleriň birinde robot-ýangyç guýujy peýda boldy diýip, «24KZ» habar berdi.

Emeli aňy ulanmak arkaly işleýän enjamy ýerli oýlap tapyjylaryň biri döretdi. Ony häzir synag hökmünde işe goýberdiler. Robot ýörite wideokameralar we hereket duýduryjylary bilen enjamlaşdyrylan, ol ulaga adamyň kömegi bolmazdan, ýangyç guýýar hem-de ýangyjyň dökülmegine ýol bermeýär.

Enjamy oýlap tapyjylaryň sözlerine görä, täze tehnologiýa ýangyç guýmak işini awtomatlaşdyrmaga hem-de awtoulag eýeleriniň garaşmagyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň