Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

12:2427.05.2024
0
12202

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna (EWF) gatnaşdy we ýurduň halkara ülňüleridir öňdebaryjy tejribesine laýyklykda bilim pudagyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi «Turkmenportal-a» habar berdi.

Forum bilim pudagynyň wekillerini we dünýäniň dürli künjeginden gelen hünärmenleri bir ýere jemledi. Onda emeli intellektiň bilime integrasiýasy, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak, şeýle hem kynçylykly döwürde bilim ulgamlaryny dikeltmek we kämilleşdirmek ýaly häzirki zaman temalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forum Türkmenistanyň wekiliýetine tejribe alyşmaga we bilimdäki häzirki zaman meselelerini çözmekde täze çemeleşmeleri ösdürmäge mümkinçilik berdi. Forumyň esasy mowzuklary okuw proseslerini optimizirlemek üçin Emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ulanmakdan, durnukly ösüş ýörelgelerini bilim maksatnamalaryna goşmakdan we pandemiýa ýa-da tebigy betbagtçylykdan soň bilim ulgamlaryny dikeltmek strategiýalaryny işläp düzmekden ybarat boldy.
Forumyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti beýleki ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu gepleşikler Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny we ýurduň ählumumy bilimiň geljegini emele getirmäge işjeň gatnaşmak isleýändigini görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň