Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar

11:4125.05.2024
0
11277

Gazagystanyň sebitleriniň üçüsine çekirtge hüjümi howp salýar. Ekin meýdanlaryna zyýan ýetirijilere garşy göreşmek üçin milliardlarça teňňe sarp ediler diýip, «MIR 24» habar berdi.

Ekin meýdanlarynyň 2,5 million gektaryna golaýyna ýok bolmak howpy abanýar, bu geçen ýyldakydan bir million köpdür diýip, Respublikanyň Oba hojalyk ministrligi habar berdi.

Çekirtgelerden has-da Aktýubinsk, Kostanaý we Türküstan oblastlarynda ätiýaçlanýarlar. Ol ýerlerde meýdanlara zyýansyzlandyryjy serişdeler sepilip başlandy, munuň üçin ýörite tehnikalardan, ýagny pürküjilerden, dronlardan we uçarlardan peýdalanýarlar.

Zyýanly mör-möjekleriň serhetden aşmagynyň öňüni almak üçin Russiýada, Gyrgyzystanda we Hytaýda barlag işleri geçirilýär. Gazagystanyň özünde çekirtgeleriň 270 görnüşi duşýar, olaryň iň howplulary marokko, aziýa we italýan çekirtgeleridir.

Ýurduň oba hojalyk edarasynyň habaryna görä, çekirtge hüjümi Respublikada her 10 ýyldan bolýar. Bu ýyl şeýle hüjüme garaşylýan döwürdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň