Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

09:3925.05.2024
0
7702

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkmenistanyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Iki döwletiň öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş depginine eýedigi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklaryň giňeldilýändigi nygtaldy. Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda däp bolan hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Bu bolsa iki doganlyk halky mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Türkmenistanda, şeýle hem halkara derejede giňden baýram edilýär. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şanly sene mynasybetli ýakynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we şahyryň adyny göterýän täze medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Toplumda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleri ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda Alyşir Nowaýynyň hem heýkeli bar.

Myhman pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň degişli Kararyna laýyklykda, Magtymgulynyň şanly ýubileýiniň Özbegistanda-da baýram edilýändigini aýtdy. Şahyryň goşgulary dostluga we parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda öz beýanyny tapýar. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmeginiň türkmen şahyrynyň arzuw eden berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanmagynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygy nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtmak bilen, strategik döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, umumy bähbidiň hatyrasyna mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň