Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna we Halk Maslahatynyň Başlygyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygyny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň sentýabrynda Täjigistana bolan iş saparynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde dostlukly ýurda amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda şol saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik dialogynyň mundan beýläk-de ilerledilmegine uly itergi berendigi bellenildi.
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistana amala aşyran saparlarynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynda, şol sanda senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemek üçin ýeterlik kuwwatynyň bardygy bellenildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany medeni-ynsanperwer ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtap, iki ýurduň medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynda bilelikde işlemek we tejribe alyşmak üçin uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagynyň bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen gutlap, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýleki halklaryň görnükli wekilleriniň heýkelleri bilen birlikde, täjik şahyry Saýido Nasafiniň hem heýkeliniň ýerleşdirilmeginiň örän guwandyryjydygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigini belläp, Prezident Emomali Rahmona mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany hem-de myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.