Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi

13:0523.05.2024
0
14022

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyryny iberdi.

ul.kp.ru neşiriniň Ulýanowsk sebitiniň we Çuwaş Respublikasynyň «Rosselhoznadzora» salgylanyp berýän habaryna görä, 14-nji maýdan 21-nji maý aralygynda Türkmenistandan Ulýanowsk sebitine 39,98 tonna bolan ýuwlan goýun ýüňi iki tapgyrda getirildi.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Ulýanowsk sebiti şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan 22 tapgyrda jemi 437 tonna ýüň satyn aldy.

Önümiň hili «Rosselhoznadzor»-nym hünärmenleri tarapyndan barlandy we kesgitlenen sanitariýa talaplaryna doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň